Bu programma näme üçin döredildi?

Maksadymyz türkmenlere rumyn dilini aňsat, amatly we gyzykly görnüşde öwrenmäge kömek etmekdir. Köp türkmen öz ene dilinde rumyn dilini öwrenmek üçin ýokary hilli okuw materiallaryny tapmakda kynçylyk çekýär. Şonuň üçin hem biz bu programmany döretdik. Programma täze sözleri, grammatikany we gündelik gepleşikleri aňsatlyk bilen öwrenmäge kömek edýär hem-de Selbi emeli intellekt (AI) kömekçisi arkaly okuw tapgyrlaryny has netijeli we gyzykly edýär.

Grammatika

Grammatika bölüminde rumyn diliniň esaslaryny ýönekeý we düşnükli görnüşde düşündirýäris. Ilki bilen, Rumyniýa we rumyn dili barada gysgaça maglumat berip, diliň gelip çykyşy hem-de beýleki diller bilen baglanyşygy barada gürrüň berýäris. Şeýle hem rumyn dili bilen türkmen diliniň meňzeş we tapawutly taraplaryny deňeşdirýäris. Grammatika sapaklarynda iň möhüm düzgünler aňsat usullar arkaly düşündirilýär.

Sözler we oýunlar

Sözlük bölüminde täze sözleri gyzykly oýunlar arkaly öwrenmek mümkindir. Häzirki wagtda platformada birnäçe okuw oýny bar, geljekde bolsa täze oýunlary goşmagy meýilleşdirýäris. Maksadymyz okuw döwrüni diňe bir peýdaly däl-de, eýsem gyzykly hem etmekdir.

Tematik söz toparlary

Sözler aýratyn temalara bölünendir: maşgala, iş we kär, syýahat, söwda, bilim, saglyk we dermanhana, ulag, restoran we nahar. Bu usul ulanyjylara sözleri has tertipli we aňsat öwrenmäge kömek edýär.

Söz düzümleri we gepleşikler

Gündelik durmuşda iň köp ulanylýan söz düzümleri we gepleşikler bir ýere ýygnandyr. Mysal üçin: bilet satyn almak, iş ýerinde aragatnaşyk, dermanhanada we hassahanada gepleşik, dükanda söwda etmek, ýol soramak, döwlet edaralarynda ulanylýan sözler. Bu bölüm ulanyjylara hakyky durmuşda özüni ynamly duýmaga ýardam edýär.

Reýting we bäsleşik ulgamy

Okuwy has gyzykly etmek üçin programmada ýörite reýting ulgamy göz öňünde tutuldy. Ulanyjylar sapaklary geçip, sözleri öwrenip we tabşyryklary ýerine ýetirip bal gazanyp bilerler. Şeýle hem beýleki ulanyjylar bilen bäsleşip, umumy sanawda öz ornuny görüp bilerler. Näçe köp zähmet çekip, programma bilen işleşseňiz, şonça-da ýokary netije gazanyp, sanawda öňe saýlanyp bilersiňiz.

Selbi AI kömekçisi

Selbi AI ulanyjylaryň soraglaryna jogap berýär, grammatikany düşündirýär we rumyn dilini öwrenmekde şahsy kömekçi hökmünde hyzmat edýär. Selbi diňe bir emeli intellekt (AI) kömekçisi däl, eýsem okuw döwründe siziň şahsy ýoldaşyňyzdyr. Ol rumyn grammatikasyny we sözlerini türkmen dilinde ýönekeý hem-de düşnükli görnüşde düşündirýär, soraglaryňyza jogap berýär hem-de düşündirilmesi kyn bolan ýerleri gaýtadan düşündirip berýär.

Bizi goldaň

Bu maksatlary hakykata öwürmek üçin siziň goldawyňyz örän möhümdir. Programmany ulanyň, pikirleriňizi paýlaşyň, teswir ýazyň we dostlaryňyza maslahat beriň. Geliň, biri-birimizi goldalyň! Biz bir jemgyýet, bir maşgala. Bilelikde öwreneliň, ösdüreliň we üstünlik gazanalyn!